Ukrainanyň täze Prezidenti Zelenskiý saýlawyň ýadawlygyny Türkiýede dynç alyp çykarar

“Aç açan bolmak meselesinde ylalaşdyk. Inha şeýle Türkiýä dynç almaga gidýärin”

1190250
Ukrainanyň täze Prezidenti Zelenskiý saýlawyň ýadawlygyny Türkiýede dynç alyp çykarar

Ukrainada geçirlen prezident saýlawynyň ýeňijisi Wladimir Zelenskiý saýlawyň ýadawlygyny Türkiýede dynç alyp çykarar.

Zelenskiý mesele hakynda beren beýanatynda “Aç açan bolmak meselesinde ylalaşdyk. Inha şeýle Türkiýä dynç almaga gidýärin” diýdi.

Soňky 4 aýda ilkinji gezek hepdäniň ahyrynda dynç aljakdygyny aýdan Zelenskiý, iki gün soň Ukraina yzyna dolanjakdygyny belledi.

Ukrainada geçirlen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda satirik Wladimir Zelenskiý sesleriň 73,22 göterimini alyp saýlawyň ýenijisi bolupdy. Bäsdeşi häzirki Prezident Petro Poroşenko bolsa sesleriň 24,45 göterimini aldy.

 

 



Degişli Habarlar