ABŞ-nyň günortasyny täsiri astyna alan güýçli ýagyş we ýel sebäpli 5 adam ýogaldy

Halka güýçli ýagyşa  we ýele garşy has ünsli bolmaklary barada duýduryş berdi

1190212
ABŞ-nyň günortasyny täsiri astyna alan güýçli ýagyş we ýel sebäpli 5 adam ýogaldy

 

ABŞ-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habarlara görä, ýurduň günortasyny täsiri astyna alan we gündogara tarap barýan ýagyş we ýel gündelik durmuşa ýaramaz täsirini ýetirýär.

Teksas we Luziana ştatynda ýagyş we ýel sebäpli 5 adam ýogaldy

 Amatsyz howa şertleri sebäpli Luziana ştatynda käbir mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda okuwlara arakesme berildi.

ABŞ-nyň Milli Howa gullygy hem Missisipi we Luziana ştatlarynda güýçli ýagyşa  we ýele garşy has ünsli bolmaklary barada halka duýduryş berdi.

 

 


Etiketkalar: #ýel , #duýduruş , #ABŞ

Degişli Habarlar