Putin 2012-nji ýyldan bäri deňiz flotuna 80-den gowrak gäminiň goşulandygyny aýtdy

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 2012-nji ýyldan bäri üç sany strategik deňizasty gämisi bilen bilelikde 80-den gowrak harby gäminiň rus deňiz folotuna goşulandygyny beýan etdi

Putin 2012-nji ýyldan bäri deňiz flotuna 80-den gowrak gäminiň goşulandygyny aýtdy

Putib Sankt Peterburg şäheribde iki sany harby gäminiň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli geçirilen dabarada sözlän sözünde ýurdunyň gämi gurluşyk senagaty barada beýennama berdi.

Gämi gurluşygy boýunça köp sanly taslamanyň taýarlanýandygyna ünsi çeken Putin; “Gämilerin wagtynda guruljakdygyny ynanýaryn. Ol, Russiýanyň hem ýakyn hem-de alysdaky deňiz zolaklaryndaky bähbitleriniň we deňiz serhetlerinin goralmagy taýdan möhüm” diýdi.

Russiýanyň deňiz flotunyň güýçlendirilmelidigine ünsi çeken Putin: “2012-nji ýyldan bäri üç sany strategik deňizasty gämisi bilen bilelikde 80-den gowrak harby gämi rus deňiz flotuna goşuldy” diýdi.



Degişli Habarlar