Şri-Lankada bolan partlamada 207 adam ýogaldy

Myhmanhanalarda we buthanalarda bolan partlamalarda 400 den gowrak adam ýaralandy

1187251
Şri-Lankada bolan partlamada 207 adam ýogaldy

Günorta Aziýada ýerleşýän Şri-Lankada bolan partlamada 207 adam ýogaldy.

Paýtagt Kolombodaky myhmanhanalarda we buthanalarda bolan partlamalarda ilkinji kesgitlemelere görä, azyndan 207 adam ýogaldy, 500 adam ýaralandy.

Howpsyzlyk güýçleri tarapyndan berlen beýanatda paýtagt Kolomboda 3 myhmanhana bilen 3 buthanada, Negombo şäherinde bolsa 1 buthanada partlama boldy.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, partlamalarda azyndan 207 adam ýogaldy, 400-den gowrak adam ýaralandy.

 



Degişli Habarlar