Dünýä ýurtlary Şri-Lankada guralan hüjümleri ýazgardy

Ýewropaly liderler hüjümleri ýazgardy

1187485
Dünýä ýurtlary Şri-Lankada guralan hüjümleri ýazgardy

 Şri-Lankada buthanalary we myhmanhanalary nyşana alan terrorçylykly hüjümlere garşylyk görkezen Ýewropaly liderler hüjümleri ýazgardy

Katolik dünýäsiniň ruhany lideri Papa Fransisk, Watikanda geçirlen Paska baýramynda eden çykyşynda, hüjümlerde ýogalanlar üçin Tanrydan rehnet diledi, hüjümde ýaralananlar üçin doga etdi.

ÝB-nyň Howpsyzlykdan we daşary syýasatdan jogapkär ýokary wekili Federika Mogherini beren ýazmaça beýanatynda “Dünýä we  Şri-Lanka üçin hakykatdan hem gynandyjy gün” diýdi.

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, Şri-Lankanyň Prezidenti Sirisena ugradan gynanç ýüzlenmesinde,

Şri-Lankalylar bilen birlikde ýas tutýandyklaryny we ýaralananlara şypa dileýändiklerini aýtdy.

Germaniýanyň Prezidenti Frank Walter Şteinmeier hem Şri-Lankada guralan terrorçylykly hüjüme gynanç bildirdi.

Germaniýanyň Yslam geňeşiniň başlygy Burhan Kesiji hem terrorçylykly hüjümleri ýazgardy

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron “Şri-Lankanyň halkyna goldaw berýäris” diýdi.

Britaniýanyň Premýer ministri Teresa Meý Twitter arkaly beren beýanatynda, terrora garşy birlikde göreşilmelidigini belledi.

Awstriýanyň Prezidenti Aleksander Wan Der Bellen hem “Hüjümi berk ýazgarýarys” diýdi.

Awstriýanyň Premýer ministri Sebastian Kurz hem hüjüme gynanç bildirdi.

Ispaniýanyň hökümeti tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda, terrora garşy tutanýerli göreşiň dowam etdirilmegi barada çagyryş berildi.

Gollandiýanyň Premýer ministri Mark Rutte hem mesele bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny nygtady.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar