"Palestina we Iýerusalym meselesinde edilýän basyşlara boýun egmeris"

Iordan Şasy Palestina we Iýerusalym meselesinde edilýän basyşlara boýun egmejekdiklerini aýtdy

1184835
"Palestina we Iýerusalym meselesinde edilýän basyşlara boýun egmeris"

Iordan Şasy Abdullah II, Palestina we Iýerusalym meselesinde edilýän basyşlara boýun egmejekdiklerini aýtdy.

Mesele hakynda berlen beýanatda görä, Şa Abdullah Al Hüseýniýe köşgünde halk deputatlary bilen duşuşdy.

Şa Abdullah duşuşykda eden çykyşynda, ýurdunyň Iýerusalim we Palestina meselesinde alyp barýan syýasatynyň üýtgemändigini aýtdy.

Iordan Şasy, paýtagty Gündogar Iýerusalym bolan 1967-nji ýyldaky serhetlere laýyklykda garaşsyz Palestina döwletiniň gurulmagyny öz içine alýan iki döwletli çözgütden daşary haýsydyr bir teklibiň kabul edilmejekdigini nygtady.

Şa Abdullah mundan başgada Iýerusalym we Palestina meselesinde alyp barýan syýasaty sebäpli ýurduna basyş edilmegini asla kabul etmejekdigini ýatlatdy.

Iordan Şasy ýurduna  edilýän basyşlar hakynda maglumat bermedi emma ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri “Asyryň taslamasyny” kabul etmegi üçin ABŞ-nyň Iordaniýa basyş edýändigini öňe sürýär.



Degişli Habarlar