Sergeý Lawrow palestinaly kärdeşi bilen duşuşdy

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Palestinanyň Daşary işler ministri Riýad El-Maliki bilen Palestina meselesini maslahatlaşdy

1184487
Sergeý Lawrow palestinaly kärdeşi bilen duşuşdy

Russiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Lawrowyň Maliki bilen ýurdyň paýtagty Moskwada ministrler derejesindäki V Russiýa-Arap hyzmatdaşlyk forumyndan ozal duşuşandygy mälim edildi.

Palestina meslesini maslahatlaşylan beýanatda: “Rus tarapy, Palestina meselesine halkara hukuk derejesinde giňişleýin, adalatly we hemişelik bir çözgüt üpjün etmek üçin edilýän tagallalar babatyndaky pozisiýasyny tassyklady” diýip aýan edildi.

Beýanatda Russiýanyň we Palestinanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň tapawutly ugurlarda güýçlendirilmeginiň hem ele alynandygy habar berildi.



Degişli Habarlar