Pompeo, Wenesuelanyň Prezidenti Madurodan Kolumbiýa serhediniň açylmagyny talap etdi

Pompeo bilen Kolumbiýanyň Prezidenti Kolumbiýanyň Wenesuela serhedindäki Jujuta şäherine baryp gördi

Pompeo, Wenesuelanyň Prezidenti Madurodan Kolumbiýa serhediniň açylmagyny talap etdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo, Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Madurodan, 23-nji fewralda oppozisionerler tarapyndan ýurda ynsanperwer kömegini girizmäge synanşandygy sebäpli ýapylan Kolumbiýa serhediniň açylmagyny talap etdi.

Pompeo bilen Kolumbiýanyň Prezidenti Iwan Dugue, Kolumbiýanyň Wenesuela serhedindäki Jujuta şäherine baryp gördi.

Pompeo bilen Dugue Wenesuelaly oppozisionerler bilen howpsyzlyk güýçleriniň arasynda ynsanperwer kömegi meselesinde dartgynlygyň başdan geçirlen ýeri bolan Halkara Simon Boliwar köprüsine baryp gördi.

Pompeo bilen Dugue soň bolsa ABŞ tarapyndan Wenesuelaly oppozisionerlere goldaw maksady bilen ugradylan ynsanperwer kömekleriniň saklanýan ýeri bolan Tienditas gümrük geçelgesine bardy.

Pompeo, oppozisionerlere berilýan goldawa garamazdan 3 aýdan bäri Madurony agdaryp bilmändiklerini belledi we Madurodan  23-nji fewralda ýapylan Kolumbiýa serhediniň Wenesuela ynsanperwer kömegini berilmegi üçin açylmagyny isledi.

ABŞ Wenesuela Kolumbiýanyň, Perunyň we Günorta Amerikaly beýleki ýurtlaryň goldaw bermeginde 275 million dollarlyk ýardam beripdi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar