Liwiýada dowam edýän çaknyşyklarda ýogalanlaryň sany 147 adama ýetdi

Paýtagt Tripolynyň golaýyndaky çaknyşyklar 11 günden bäri dowam edýär

1183704
Liwiýada  dowam edýän çaknyşyklarda ýogalanlaryň sany 147 adama ýetdi

Liwiýada 11 günden bäri dowam edýän çaknyşyklarda ýogalanlaryň sany 147 adama ýetdi.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan berlen beýanata görä, Liwiýadaky soňky çaknyşyklarda häzire çenli 147 adam ýogaldy, 614 adam ýaralandy.

Beýanatda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Liwiýa harby enjam we lukman ugratjakdygy nygtaldy.

Liwiýanyň gündogaryndaky harby güýçleriň lideri General Halife Hafter, paýtagt Tripolini ele geçirmek üçin 4-nji aprelde harby hüjüme başlapdy.

 Milli ylalaşyk hökümetine tabynlykdaky güýçler hem Hafter güýçlerine garşy “Burkan Al Gabad” operasiýasyny başladypdy.

Paýtagt Tripolynyň golaýyndaky çaknyşyklar 11 günden bäri dowam edýär

 

 

 



Degişli Habarlar