ABŞ-nyň günorta ştatlaryna tupan we sil apaty ýaramaz täsir ýetirdi

ABŞ-niň günorta ştatlarynda täsirli bolan tupan we emele gelen sillerde ilkinji kesgitlemelere görä 8 adam ýogaldy

ABŞ-nyň günorta ştatlaryna tupan we sil apaty ýaramaz täsir ýetirdi

Associated Press agentliginiň berýän habaryna görä, Tehas, Missisipi, Luiziana, Arkanzas we Jorjiýa ştatlarynda güýçli tupan we ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apaty 3-si çaga 8 adamyň ýogalmagyna, onlarça adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.

Adam ýitgileriniň tupan sebäpli ulaglaryň we öýleriň üstüne gaçan agaçlaryň aşagynda galyp we aşa köp ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sillerde gark bolup bolandygy mälim edildi.

Tupanlar sebäpli esasan hem Tehasyň gündogar sebitinde öý we iş ýerlerine ulanyp bolmajak ýagdaýda zyýan ýetendigi we takmynan 90 müň adamyň elektrik toksuz galandygy aýan edildi.

Missisipide Ştatyň uniwersitetiniň töwereginde emele gelen tüweleýler sebäpli 21 müň talybyň binalaryň ýer zeminlerinde bukulyp, howanyň kadalaşmagyna garaşandyklary habar berildi.


Etiketkalar: tüweleý , tupan , sil , ştat , ABŞ

Degişli Habarlar