Germaniýanyň tanymal firmalary Yrakda maýa goýmak isleýär

Yragyň Premýer ministr Germaniýanyň Daşary işler bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1178248
Germaniýanyň tanymal firmalary Yrakda maýa goýmak isleýär

Yragyň Premýer ministrligi tarapyndan berlen beýanata görä, Premýer ministr Adil Abdulmehdi Germaniýanyň Daşary işler ministri Maas bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Germaniýanyň Daşary işler ministri Maas telefon söhbetdeşliginde Yrak bilen ykdysadyýet, syýasat we howpsyzlyk taýdan edilýän gatnaşyklary ösdürmek isleýändiklerini we ýurdundaky uly firmalaryň Yrakda maýa goýmak isleýändigini aýtdy.

Beýanatda Yrakda maýa goýmak isleýän nemes firmalarynyň arasynda tanymal Siemens firmasynyň hem bardygyna üns çekildi.

Yragyň Premýer ministr Adil Abdulmehdiniň hem nemes firmalarynyň Yrakda energetika pudagynda maýa goýmaklaryna oňyn garaýandygy nygtaldy

 

 



Degişli Habarlar