Türkiýäniň beýleki iki sany F-35 uçary hem beriler

ABŞ-niň Goranmak ministrligi Pentagon, Türkiýä degişli 1 sany F-35 uçarynyň gowşurylyşy ýerine ýetirilip Luke howa bazasyna iberilendigini, beýleki uçaryň hem şu gün iberiljekdigini habar berdi

1177755
Türkiýäniň beýleki iki sany F-35 uçary hem beriler

Mesele bilen bagly Anadoly habarlar gullugyna beýanat beren Pentagonyň metbugat sekretary Erik Pahon: “Türk uçarmanlarynyň tälimi babatynda hiç hili üýtgeşiklik ýok. Tälimler berilmäge dowam eder” diýip aýan etdi.

Şeýlelik bilen Türkiýäniň goşunynyň düzümine geçen F-35 uçarlarynyň sany 4-e ýetdi. Ozal Türkiýäniň goşunynyň düzümine geçen 2 sany F-35 uçary bilen bagly tälim etaby Arizonadaky Luke howa bazasynda dowam edýär.

Luke howa bazasyndaky tälim 1 bilen 2 ýyl aralygynda dowam edýär.

Pentagonyň metbugat sekretary Çarles E.Sammers hem şu gün Pentagonda geçiren metbugat ýygnagynda türk uçarmanlarynyň Luke howa bazasynda F-35 uçar tälimleriniň dowam etjekdigini habar beripdi.


Etiketkalar: #F-35 , #howa bazasy , #uçar , #tälim

Degişli Habarlar