Yragyň Premýer ministri Türkiýä we käbir Aýlag ýurtlaryna sapar gurar

“Goňşy ýurtlar bilen edýän gatnaşyklarymyzy ösdürmek isleýäris"

1176042
Yragyň Premýer ministri Türkiýä we käbir Aýlag ýurtlaryna sapar gurar

Yragyň Premýer ministri Adil Abdulmehdi Türkiýä we käbir Aýlag ýurtlaryna sapar gurar.

Yragyň döwlet telewideniýesiniň berýän habaryna görä, paýtagt Bagdatda metbugata beýanat beren Premýer ministri Abdulmehdi “Goňşy ýurtlar bilen edýän gatnaşyklarymyzy ösdürmek isleýäris we şol çäkde Türkiýe bilen birlikde käbir Aýlag ýurtlaryna sapar guramagy meýilleşdirýärin” diýdi.

Yragyň Premýer ministri Saud Arabystanyndan 90 adamdan ybarat ýokary derejeli wekiliýetiň şu gün Bagdada geljekdigini we geljek hepde hem özüniň Saud Arabystanyna gitjekdigini aýtdy.

2018-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Yragyň Premýer ministri wezipesine başlan Abdulmehdi şol günden diňe bir gezek Müsüre sapar gurady.

 



Degişli Habarlar