Wenesuelada özüni wagtlaýyn prezident yglan eden Guaidonyň el degrilmesizligi aýryldy

Guaido hakynda gozgalan kazyýet işi dowam edýär

1175958
Wenesuelada özüni wagtlaýyn prezident yglan eden Guaidonyň el degrilmesizligi aýryldy

Wenesuelada özüni wagtlaýyn prezident yglan eden Milli Mejlisiň başlygy Huan Guaidonyň el degrilmesizligi aýryldy.

ABŞ-nyň başda durmagynda Günbatarly we Latyn Amerikaly birnäçe ýurduň we ýurdunda harby goşunyň goldaw bermeginde başladan köçe hereketleri bilen hökümeti agdarmaga çalşan Guaido hakynda gozgalan kazyýet işi dowam edýär

Ýurtdaky ýeke-täk kanun çykaryş organy bolan Esaslandyryjy Mejlis Ýokary Adalat kazyýetiniň başlygy Morenonyň “Guaidonyň el degrilmesizliginiň aýrylmagy” barada talabyny ara alyp maslahatlaşmak üçin jemlenişdi.

Oturluşykda Morenonyň “Daşary ýurda çykmak gadagançylygyna garamazdan Kolumbiýa geçendigi” sebäpli Guaidonyň el degrilmesizliginiň aýrylmagy baradaky talaby parlamentarlaryň bir agyzdan ses bermegi bilen kabul edildi.

Esaslandyryjy Mejlis  bilen Ýokary Adalat kazyýetiniň bu karardan soň kazyýet işini gozgamagyna garaşylýar

Paýtagt Karakasda 23-nji ýanwarda geçiren mitinginde kasam edip özüni wagtlaýyn prezident yglan eden Guaido, ABŞ-nyň Kolumbiýa getiren ynsanperwer kömekleriniň 23-nji fewralda Wenesuela getirilmeginden bir gün ozal Kolumbiýa geçipdi.

Kolumbiýadan soň Braziliýa, Argentina we Ekwadora baran Guaido 4-nji martda Wenesuela gaýdyp geldi.

 

 



Degişli Habarlar