Owganystanyň Prezidenti Gani ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Halilzat bilen duşuşdy

Duşuşykda parahatçylyk gepleşiklerinde ýetilen sepgit ara alnyp maslahatlaşyldy

1175318
Owganystanyň Prezidenti Gani ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Halilzat bilen duşuşdy

Owganystanyň Prezidenti Eşref Gani ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzat bilen duşuşdy.

6-njy parahatçylyk saparynyň çäginde Owganystana baran ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzat, Prezident Eşref Gani bilen duşuşdy.

Duşuşykda parahatçylyk gepleşiklerinde ýetilen sepgit ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halilzat  paýtagt Kabulda düýn hem Owganystanyň Ýokary parahatçylyk şurasynyň Baş sekretary Muhammed Ömer Dawutzeý we parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşýan wekiliýetiň agzalary bilen duşuşypdy.

Prezident Eşref Ganiniň ýolbaşçylygyndaky owgan hökümeti üçin howply bolan Taliban ýurduň birnäçe etrabynda henizem öz güýjüni gorap saklaýar.

Käbir etraplar Talibanyň gözegçiliginde we Taliban sebäpli ýurtda uly howpsyzlyk meselesi başdan geçirilýär.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar