Owganystanda sil sebäpli 9 adam ýogaldy

Sil sebäpli 1500 öý bilen 400 dükan suwyň aşagynda galdy

1173286
Owganystanda sil sebäpli 9 adam ýogaldy

Owganystanyň demirgazygynda ýerleşýän Farýab we Balh welaýatlarynda aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen silde 9 adam ýogaldy

Farýab welaýat häkimliginiň metbugat geňeşçisi Ahmed Jawid Bidar, welaýatda birnäçe günden bäri dowam edýän ýagyşlaryň siliň gelmegine sebäp bolandygyny aýtdy.

Sil sebäpli 8 adamyň ýogalandygyny aýdan Bidar, 11 adamyň hem ýaralanandygyny nygtady.

Bidar, sil sebäpli 1500 öý bilen 400 dükanyň suwyň aşagynda galandygyny ýatlatdy.

Balh welaýatynda hem sil sebäpli 1 adamyň ýogalandygy habar berildi.

 

 

 

 

 


Etiketkalar: #Owganystan , #sil , #dükan

Degişli Habarlar