Bangladeşiň paýtagty Dakkadaky ýangynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Bangladeşiň paýtagty Dakka şäherinde köp gatly binada düýn bolan ýangynda ýogalan adamlaryň sany 25-e ýetdi

1172920
Bangladeşiň paýtagty Dakkadaky ýangynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Dakka Metropolitan polisiýa gullugynyň resmilerinden Mostak Ahmed, şäheriň Banani etrapçasynda ofisleriň ýerleşýän 21 gatly "FR Tower" atly binada ýüze çykan ýangynda ýogalan adamlaryň sanynyň 25-e ýetendigini habar berdi.

Ýanagyn sebäpli habar tutyp bolmaýan hiç kimiň ýokdugyny aýdan Ahmed: “Ondada wakanyň bolan ýerinde gözegçilik işlerini geçirýäris” diýdi.

Ýangyn söndüriji gullugynyň resmisi Forhadul Alam, ýogalan adamlaryň jesetleriniň maşgalalaryna berilmäge başlandygyny mälim etdi.

Resmiler ýangynyň dolulygyna gözegçilik astyna alynandygyny we anna güni irden binadan hiç hili tüssäniň çykmandygyny aýan etdi.

Ýangynyň näme sebäpli ýüze çykandygy entek anyklanmady.

Ýangynda ýaralanan 70 adamyň ählisi hassahanalardan bejergi astyna alyndy.

Ýanan binanyň üçegine çykan azyndan 12 adam gidrawlik kran we ýurdyň howa güýçlerine degişli dikuçarlar arkaly halas edilipdi, binada kyn ýagdaýda galan 6 adam bolsa özlerini aşak oklapdy.


Etiketkalar: #Bangladeş , #Dakka , #ýangyn , #bina

Degişli Habarlar