Maýk Pens amerikaly kosmonawtlaryň Aýa iberilmegi barada çagyryş berdi
ABŞ-niň Wise-prezidenti Maýk Pens amerikaly kosmonawtlaryň 5 ýylyň içinde Aýa iberilmegi barada çagyryş berdi
Milli Kosmos geňeşiniň ýolbaşçylygyny eden Pens, geňeşiň Hantswill şäherindäki maslahatynda NASA-nyň işlerini ýeňilleşdirjek kosmonawtlaryň 5 ýylyň içinde Aýyň günortasyna iberilmelidigini nygtady.
NASA-nyň bu maksat üçin ähli usullaryň ulanmalydygyny aýdan Pens, gerek bolsa NASA raketalarynyň we ulaglarynyň ýerine hususy kärhanalar tarapyndan öndürilen enjamlaryň ulanylmalydygyny belledi.
Maýk Pens: “Tagallalarymyzy 2 esse artdyrmalydyrys. Bu bolup biler, emma tempimizi artdyrmasak bolmaz” diýdi.
NASA-nyň başlygy Jim Bridenstaýn bolsa, 2024-nji ýyla çenli Aýa kosmonawt ibermek üçin ellerinden gelen ähli zady etjekdiklerini, ol taslama üçin mega raketalaryň gerek bolup biljkekdigini mälim etdi.
Hünärmenler bolsa 2028-nji ýyla çenli Aýa kosmonawt ugratmagyň mümkin däldigini aýdan NASA-nyň 2024-nji ýyla çenli onuň hötdesinden geljekdigi baradaky beýanatyna şübhe bilen garaýar.
ABŞ-niň Aýa adam ugratmagyna şu ýylyň tomus aýynda 50 ýyl dolýar. Apollo kosmonawtlarynyň birinji we soňky gezek 1972-nji ýylda Aýyň üstünde ýöremeginden soň hiç bir ýurt Aýa adam iberip bilmedi.
Degişli Habarlar

Sal Altman Maskyň 97,4 milliard dollarlyk OpenAI teklibini kabul etmedi
Sam Altman X platformasynda gysgaja jogap berip; “Ýok, sag bol” diýdi.