"Trampyň Golan depeleri baradaky karary legal däl"

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas Trampyň kararyna garşylyk görkezdi

1170542
"Trampyň Golan depeleri baradaky karary legal däl"

 

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň “Golan depelerinde Ysraýylyň özygtyýarlygyny resmi taýdan ykrar edýändigini” yglan edýän kararnama gol goýmagyna garşylyk görkezdi we kararyň legal däldigini aýtdy.

Palestinanyň resmi WAFA habarlar gullugyna görä, Prezident Abbas, Trampyň Golan depeleri hakyndaky kararyna garşylyk görkezdi we “Palestinanyň Iýerusalymdaky özygtyýarlylygyna ýada haýsydyr bir arap topgragyna garşy bolan karar legal däldir” diýdi.

Abbas, Arap-Ysraýyl çaknyşygy bilen arabaglanşykly haýsydyr bir hereketi legallaşdyrmagyň ýolunyň BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi bilen Arap parahatçylyk tagallasynyň kararlaryna tabynlykdan geçýändigini nygtady.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp düýn 52 ýyldan bäri basyp alyşlyk astynda bolan Golan depelerinde Ysraýylyň özygtyýarlygyny ykrar edýän kararnama gol goýupdy.

 



Degişli Habarlar