Sergeý Lawrow, Maýk Pompeo bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

ABŞ-niň Döwlet sekretary Maýk Pompeo rus kärdeşi Sergeý Lawrowdan, Wenesuela mundan başga harby güýç ibermezligini isledi

1170549
Sergeý Lawrow, Maýk Pompeo bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Iki ministriň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini aýdan ABŞ-niň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretarynyň orunbasary Robert Palladino ýazmaça beýanat berdi.

Palladino, ministr Pompeonyň rus kärdeşi Lawrowa, Russiýanyň Wenesueladaky hereketlerine garşy, ABŞ bilen sebitdäki hyzmatdaşlarynyň boş durmajakdygyny aýdandygyny habar berdi.

Robert Palladino beren beýanatynda: “Wenesuelanyň Döwlet Baştutany Nikolas Maduronyň bikanun hökümetini goldamak maksady bilen Russiýanyň ol ýere harby personal ibermegi, ýurdyň wagtlaýyn Döwlet baştutany Huan Guaýdo güýçli ýagdaýda goldaw beren Wenesuelanyň halkynyň ajylarynyň möhledini uzadar. Ministr Pompeo, Russiýa konstruktiw bolmadyk ädimlerini bes etmegi we Weneusela halky üçin has gowy geljek isleýän beýleki ýurtlara goşulmak barada çagyryş berdi” diýdi.  

Russiýanyň harby uçar bilen Wenesuela 100-den gowrak esger we 35 müň tonna medikament iberendigi öňe sürülipdi.



Degişli Habarlar