Kongo Demokratik Respublikasynda ebola sebäpli ýogalanlaryň sany 564 adama ýetdi

944 adamda ebola wirusyna gabat gelindi

1170188
Kongo Demokratik Respublikasynda ebola sebäpli ýogalanlaryň sany 564 adama ýetdi

Kongo Demokratik Respublikasynda iýul aýynyň ahyrynda başlan ebola epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 564 adama ýetdi.

Saglygy goraýyş ministrliginiň görkezijilerine görä, Demirgazyk Kiwu welaýatynda başlan epidemiýadan soň jemi 9 müň adam hassahana ýüz tutdy.

Geçirlen barlaglardan soň 944 adamda ebola wirusyna gabat gelindi.

Epidemiýa sebäpli 2018-nji ýylyň iýul aýyndan bäri jemi 564 adam ýogaldy, 59 adamyň bejergisi dowam edýär, 321 adamyň bejergisi bolsa doly gutardy.

Wirusa garşy 2018-nji ýylyň 8-nji awgustynda başladylan kampaniýanyň çäginde 91 müň 826 adama sanjym edildi.

 

 



Degişli Habarlar