Norwegiýa deňizinde ýolagçylary daşaýan gämi näsazlandy

Norwegiýa deňizinde 1 müň 373 adamy daşaýan turist gämisi näsazlandy

1169510
Norwegiýa deňizinde ýolagçylary daşaýan gämi näsazlandy

 

Tupan sebäpli ugurdaş hereket edýän gämiden şu wagta çenli 338 adam halas edildi.

Gäminiň kapitany gämi näsazlanyndan soň kömege çagyrdy.

Tupan sebäpli örän kynlyk bilen duran gämidäki adamlar üçin dikuçarlar we halas ediji gaýyklar bilen halas ediş işleri başladyldy.  

Dikuçarlar bilen halas edilen 338 adamdan 17-si hassahana ýatyryldy.

Gämidäki ýolagçylaryň aglabasynyň iňlis we amerikalylardygy mälim edildi.

Üç motoryň ýaňadandan işläp başlamagy bilen gäminiň öz mümkinçilikleri bilen golaýdaky porta barmagyna garaşylýar.


Etiketkalar: #Norwegiýa , #deňiz , #gämi

Degişli Habarlar