Mosuldaky gämi heläkçiligi sebäpli welaýatyň gubernatory wezipesinden çetleşdirildi

Derňew işiniň çäginde gäminiň degişli bolan edarasynyň müdüri bilen 9 işgäri göz tussaglygyna alyndy

Mosuldaky gämi heläkçiligi sebäpli welaýatyň gubernatory wezipesinden çetleşdirildi

Yragyň Mejlisi, Mosulda 103 adamyň ýogalmagy bilen netijelenen gämi heläkçiligi sebäpli welaýatyň gubernatory Nofel Hammad Agub bilen 2 orunbasaryny sesleriň köplügi bilen wezipesinden çetleşdirdi. 

Yragyň Premýer ministri Adil Abdülmehdiniň düýn gämi heläkçiligi sebäpli gubernator Agubyň wezipesinden çetleşdirilmegi baradaky çagyryşyna laýyklykda şu gün adatdan daşary ýagdaýda ýygnak geçirildi. 

Ýygnak bilen bagly mejlisden berilen ýazmaça beýanatda, Agub bilen 2 orunbasarynyň sesleriň köplügi bilen wezipeden çetleşdirilendigi mälim edildi. 

Tigr derýasynyň Mosul welaýatyndaky böleginde şu hepdäniň penşenbe güni bir gäminiň batmagy netijesinde 103 adam ýogalypdy. 

Sany anyk bolmadyk beýleki adamlaryň tapylmagy üçin bolsa gözleg işleri geçirilýär. 

Derňew işiniň çäginde gäminiň degişli bolan edarasynyň müdüri bilen 9 işgäri göz tussaglygyna alyndy. 

 


Etiketkalar: gubernator , heläkçilik , gämi , Mosul

Degişli Habarlar