Malide ýaragly topar obalaryň birine hüjüm gurady

Hüjümde 134 adam ýogaldy

1169575
Malide ýaragly topar obalaryň birine hüjüm gurady

Malide tire-taýpalaryň arasyndaky etniki çaknyşyklaryň bolýan orta sebitinde ýaragly toparyň hüjümine sezewar galan Fulani jemgyýetine degişli 134 adam ýogaldy.

Fulani jemgyýetiniň resmilerinden Abdulaziz Diallo, Drogon toparyna agza eli ýaragly adamlaryň şu gün irden Egossagou obasyna hüjüm guramagy netijesinde aralarynda hamyla aýallar we çagalar bolan 134 adamyň ýogalandygyny habar berdi.

Hüjümde Egossagou obasynyň arçynynyň we agtyklarynyň hem öldürilendigi mälim edildi.

Dogon toparynyň agzalary, Fulani jemgyýetini ýurdyň demirgazygyndaky terror toparlary bilen aragantaşykda bolan ýaragly toparlary goldamak bilen aýyplaýar.

Esasan hem Maliniň orta sebitinde ýaşaýan we aglabasy çopan bolan Fulaniler, soňky ýyllarda sebitde başdan geçirilýän terror wakalary sebäpli dürli-dürli hüjümlere sezewar galýar.


Etiketkalar: #hüjüm , #Mali

Degişli Habarlar