ABŞ-de garaýagyz bir oglany öldüren polisiýa işgäri günäsiz diýip aklandy

ABŞ-niň Pensilwaniýa ştatynyň Pittsburg şäherinde garaýagyz bir oglany öldüren Polisiýa gullugynyň işgäri günäsiz diýip aklandy

ABŞ-de garaýagyz bir oglany öldüren polisiýa işgäri günäsiz diýip aklandy

ABŞ-niň metbugatynda berilen habarlara görä, 2018-nji ýylyň iýun aýynda Antwon Rose atly 17 ýaşyndaky garaýagyz bir oglany gaçyp barýan mahaly od açyp öldürmek aýyplamasy bilen kazyýetiň öňüne çykan Maýkl Rosfeld atly polisiýa işgäri, kazyýetde emin agzalar tarapyndan günäsiz diýip yglan edildi.

Eminleriň karary bolsa Pittsburg şäherinde nägilelikleriň döremegine sebäp boldy.

Karara nägilelik bildiren ýüzlerçe adam Pittsburg şäheriniň köçelerinde polisiýa işgärleriniň eden-etdiligini protest etdi.



Degişli Habarlar