Yrakda gäminiň batmagy sebäpli ýogalanlaryň sany100 adama ýetdi

Gözleg we halas ediş işlerinde 19-y çaga 55 adam halas edildi

1168344
Yrakda gäminiň batmagy sebäpli ýogalanlaryň sany100 adama ýetdi

 

Yragyň Mosul şäherinde gäminiň batmagy sebäpli ýogalanlaryň sany 100 adama ýetdi.

İçeri işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda Mosulda Tigr derýasynda gäminiň batmagy sebäpli 100 adamyň jesediniň tapylandygy nygtaldy.

Gözleg we halas ediş işlerinde 19-y çaga 55 adamyň bolsa halas edilendigi nygtaldy.

Ýerli ýolbaşçylar 50 adamlyk gämä 170 adamyň münendigi sebäpli gäminiň batandygyny öňe sürýär.

Premýer ministri Adil Abdulmehdi heläkçilik hakynda derňew işiniň gozgalmagy barada görkezme berdi.

Gämi heläkçiliginden soň Mosula giden Premýer ministr Adil Abdulmehdi, heläkçilikde ýogalanlar üçin 3 gün milli ýasyň yglan edilendigini belledi.

 


Etiketkalar: #heläkçilik , #batmak , #Yrak

Degişli Habarlar