Tramp: “Ysraýylyň Golan depelerindäki özygtyýarlylygyny ykrar etmegiň wagty geldi”

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ysraýyl tarapyndan basylyp alynan Golan depeleri barada masgaraçylykly beýanat berdi

Tramp: “Ysraýylyň Golan depelerindäki özygtyýarlylygyny ykrar etmegiň wagty geldi”

Tramp: “ABŞ üçin Ysraýylyň Golan depelerindäki özygtyýarlylygyny doly ykrar etmegiň wagty geldi” diýdi.

Tramp Twitter arkaly beren beýannamasynda Ýakyn Gündogardaky parahatçylyk we sebitdäki deňagramlyklar taýdan möhüm başlangyjyň ediljekdigini duýdurdy.

Tramp ABŞ-nyň Ýakyn Gündogardaky syýasatyndaky şol möhüm özgerlişigi “52 ýuldan son ABŞ üçin Ysraýylyň Golan depelerindäki özygtyýarlygyny doly ykrar etmegiň wagty geldi” görnüşinde yglan etdi.

Tramp şeýle-de Golan depeleriniň “Ysraýyl we sebitleýin durnuklylyk üçin strategik we howpsyzlyk taýdan möhüm ähmiýete eýedigini” beýan etdi.

Ysraýylda 9-njy aprelde geçiriljek möhletinden irki saýlawlarda ozal Premýer ministr Binýamin Netanýahunyň resmi Waşingtony Siriýadan basyp alan Golan depelerini “Ysraýylyň territoriýasy” hökmünde ykrat etmegi üçin razy etmäge synanşýandygy öňe sürülipdi.

ABŞ-nyň döwlet sekretarlygynyň 13-nji martda çap eden 2018-nji ýylyň Adam hukuklary habarnamasynyň Ysraýyl bölüminde mundan ozal “basylyp alynan” hökmünde atlandyrylýan Golan depeleri üçin ilkinji gezek “Ysraýylyň gözegçiligindäki” kesgitlemesini ulanmagy ünsleri çekipdi.

Ysraýyl Siriýa degişli Golan depelerini 1967-nji ýylda basyp alypdy.



Degişli Habarlar