Mosulyň Sinjar etrapçasyna goşmaça harby güýç ornaşdyrlar

Yragyň Baş ştabynyň başlygy Sinjar etrapçasyna goşmaça harby güýjüň ornaşdyrylmagy barada kararyň kabul edilendigini aýtdy

1167665
Mosulyň Sinjar etrapçasyna goşmaça harby güýç ornaşdyrlar

Yragyň Baş ştabynyň başlygy Osman Al Ganimi, Mosulyň Sinjar etrapçasyna goşmaça harby güýjüň ornaşdyrylmagy barada kararyň kabul edilendigini aýtdy.

Baş ştabdan tarapyndan berlen ýazmaça beýanata görä, Ganimi Yragyň ýaragly güýçleri bilen ekstremist terror guramasy PKK-nyň arasynda çaknyşyklaryň başdan geçirilýän ýeri bolan ý Mosulyň Sinjar etrapçasynda harby ýolbaşçylar bilen duşuşdy.

Ganimi duşuşykda Sinjarda başdan geçirilýän çaknyşyklar sebäpli etraba goşmaça harby güýjüň ornaşdyrylmagy barada kararyň kabul edilendigini nygtady.

Yragyň Baş ştabynyň başlygy Osman Al Ganimi howpsyzlyk güýçlerine we halka hüjüm edenlere garşy berk çäre görülmegi barada görkezme berdi.

Yragyň Premýer ministri Adil Abdulmehdi hem öňňin beren beýanatynda Sinjarda degişli howpsyzlyk çäreleriniň görlendigini, yrakly 2 esgeri öldüren PKK-ly terrorçylaryň boýun egendiklerini aýdypdy.

 



Degişli Habarlar