Taliban 58 owgan esgerini zamun aldy

Terror guramasy Talibana agza terrorçylar Owganystanyň günbataryndaky Bathyz welaýatynyň Bala Murgap etrabynda Owganystanyň 58 esgerini ýesir aldy

Taliban 58 owgan esgerini zamun aldy

Owganystanyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Kais Mengel, metbugat işgärlerine beren beýanatynda, terrorçylaryň Bala Murgap etrabyndaky harby birikmä hüjüm gurandygyny mälim etdi.

Hüjümden soň 58 esgeriň gurama tarapyndan ýesir alynandygyny aýdan Mengel, esgerleriň azat edilmekleri üçin işe girişilendigini habar berdi.

Taliban tarapyndan berilen beýanatda bolsa, hüjümiň netijesinde birnäçe harby birikmäniň guramanyň gözegçiligi astyna geçendigi öňe sürüldi.



Degişli Habarlar