Putin: “Täze Zelandiýadaky hüjümiň maksady ýurdy sarsmak” diýdi

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Täze Zelandiýada 2 aýry metjide guralan terrorçylykly hüjümiň maksadynyň ýurdy sarsmakdygyny habar berdi

Putin: “Täze Zelandiýadaky hüjümiň maksady ýurdy sarsmak” diýdi

Putin, Krym we Sewastopol şäherlerinde jemgyýetiň wekillleri bilen geçiren duşuşygynda, Täze Zelandiýada metjitlere guralan terrorçylykly hüjümleriň üstünde durup geçdi.

Hüjümde ýogalanlar üçin gynanç bildiren Putin: “Täze Zelandiýadaky terrorçylykly hüjümiň maksady ýurdy sarsmak” diýip beýan etdi.

Terrorçylykly aksiýalaryň ähli ýurtlar üçin howplydygyny aýdan Putin, Russiýanyň bu görnüşli hüjümlere rugsat bermejekdigini belledi.

Täze Zelandiýanyň Kraýstçerç şäherinde, jumga namazy okalýan mahaly 10 minut arakesme bilen 2 aýry metjide guralan terrorçylykly hüjümde 50 adam ýogalypdy.



Degişli Habarlar