Indoneziýada sil apaty sebäpli ýogalanlaryň sany 89 adama ýetdi

Silde ýaralananlaryň sanynyň 159 adama ýetdi

1166433
Indoneziýada sil apaty sebäpli ýogalanlaryň sany 89 adama ýetdi

Indoneziýanyň gündogarynda ýerleşýän Papua welaýatynda sil apaty sebäpli ýogalanlaryň sany 89 adama ýetdi.

Milli Apat dolanşygy gullugynyň metbugat sekretary Stuopo Purwo Nugroho şenbe gününden bäri ýagýan ýagyşlar bilen gelen silde ýogalanlaryň sanynyň 89 adama ýetendigini aýtdy.

Silde ýaralananlaryň sanynyň 159 adama ýetendigini aýdan Nugroho, apat sebäpli 74 adamyň hem ýitendigini belledi.

Nugroho gözleg we halas ediş işleriniň güýçli depginde dowam edýändigini ýatlatdy.


Etiketkalar: #Indoneziýa , #sil , #sil apaty

Degişli Habarlar