Täze Zelandiýaly ganhor Ysraýylda hem bolupdyr

Howa menzilinden alan 3 aýlyk wizasy bilen Ysraýylda 9 gün bolan Tarranyň Ysraýyla Türkiýeden gidendigi nygtaldy

Täze Zelandiýaly ganhor Ysraýylda hem bolupdyr

 

Täze Zelandiýanyň Kraýstçerç şäherinde iki metjide terrorçylykly hüjüm guran Brenton Tarranyň 2016-njy ýylda Ysraýyla barandygy ýüze çykdy.

Ysraýylyň hususy telewideniýesinde berlen habara görä, Täze Zelandiýada hyýantçylykly hüjüm guran Tarrant, Awstraliýanyň pasporty bilen 2016-njy ýylyň 25-nji oktýabrynda Tel Awiwdäki Ben Gurion howa menzilinden ýurda girdi.

Howa menzilinden alan 3 aýlyk wizasy bilen Ysraýylda 9 gün bolan Tarranyň Ysraýyla Türkiýeden gidendigi nygtaldy.

Täze Zelandiýanyň Kraýstçerç şäherinde Juma namazy okalýarka iki metjide guralan terrorçylykly hüjümde 50 adam ýogalypdy.

 



Degişli Habarlar