Täze Zelandiýada şübheli paket howsalasy başdan geçirilýär

Iki aýry metjide guralan terrorçylykly hüjümden soň, howpsyzlyk çäreleriniň artdyrylan Täze Zelanandiýada şübheli paket howsalasy başdan geçirilýär

1165065
Täze Zelandiýada şübheli paket howsalasy başdan geçirilýär

Täze Zelandiýada çap edilýän Otago Daily Times gazedinde berilen habara görä, ýurdyň günortasyndaky Dunedin şäherinde, goşmaça binasynda şübheli paket tapylan howa menzili, hyzmat bermegini wagtlaýyn bes etdi, uçar saparlary goý bolsun edildi.

Ýerli bir resmi gazede beren beýanatynda, Polisiýa gullugynyň binany howpsyzlyk astyna alandygyny we bomba hünärmenleriniň howa menziline gönükdirilendigini habar berdi.

Täze Zelandiýanyň Kraýstçerç şäherinde, jumga namazy okalýan mahaly 10 minut arakesme bilen 2 aýry metjide guralan terrorçylykly hüjümde 50 adam ýogalypdy.



Degişli Habarlar