Täze Zelandiýada metjitlere guralan hüjümde ýogalan adamlaryň sany artdy

Täze Zelandiýadaky Kraýstçerç şäherinde 2 aýry metjide guralan terrorçylykly hüjümde ýogalan adamlaryň sany 50-ä ýetdi

Täze Zelandiýada metjitlere guralan hüjümde ýogalan adamlaryň sany artdy

Täze Zelandiýanyň Içeri işler edarasynyň Baş direktory Maýk Buş, Kraýstçerç şäherinde metbugat işgärlerine beren beýanatynda, terroçylykly hüjümde ýogalan adamlaryň sanynyň 50-ä ýetendigini, 2 adamyň saglyk ýagdaýynyň tankydy bolmak bilen 36 adamyň hassahanalardaky bejergileriniň dowam edýändigini habar berdi.

Terrorçylykly hüjümde ýogalan adamlaryň sanawynyň maşgalalary bilen paýlaşylandygyny aýdan Buş, şahsyýet baradaky maglumatlarynyň entek aýan edilmändigini mälim etdi.

Buş, Täze Zelandiýadaky metjitleriň töwereginde artdyrylan howpsyzlyk çäreleriniň, resmileriň bir howpyň ýokdygyny aýdýança çenli dowam etjekdigini beýan etdi.

Täze Zelandiýanyň Kraýstçerç şäherinde, jumga namazy okalýan mahaly 10 minut arakesme bilen 2 aýry metjide guralan terrorçylykly hüjümde 49 adam ýogalypdy.



Degişli Habarlar