Owganystanyň Gazna we Kandagar welaýatlarynda bombaly hüjümler guraldy

Bombaly hüjümlerde jemi 7 adam ýogaldy

Owganystanyň Gazna we Kandagar welaýatlarynda bombaly hüjümler guraldy

Owganystanyň Gazna we Kandagar welaýatlarynda guralan bombaly hüjümlerde 3-si esger jemi 7 adam ýogaldy.

Gaznanyň gubernatorlygynyň metbugat geňeşçisi Muhammed Arif Nuri, metbugata beren maglumatynda, welaýatyň Kazi Kale diýilen ýerinde ýoluň gyrasyna ýerleşdirilen bombanyň esgerleriň ol ýerden geçýän mahaly partladylandygyny habar berdi.

Hüjümde 3 esgeriň ýogalandygyny aýdan Nuri, 3 esgeriň bolsa ýaralanandygyny aýan etdi.

Gazna hassahanasyndan berilen beýanatda bolsa hüjümde şeýle hem asuda ilatdan 2 adamyň ýaralanandygy mälim edildi.

Kandagar welaýatynyň Argandab etrabynda hem howlularyň birine ýerleşdirilen bombanyň partlamagy netijesinde 4 adam ýogaldy.

Kandagaryň Içeri işler edarasynyň müdüri Tadin Han, ýogalan adamlaryň biriniň Kandagaryň Jemgyýetçilik howpsyzlyk bölüminiň serkerdesi Hajy Zumaraidigini belläp, hadysa bilen bagly derňew işiniň başladylandygyny habar berdi.



Degişli Habarlar