Katolik dünýäsiniň ruhany lideri Täze Zelandiýada guralan hüjüme gynanç bildirdi

Papa Fransiskiň Täze Zelandiýadaky metjitlere guralan hüjüm barada “manysyz aksiýalar” diýmegi ünsleri özüne çekdi

Katolik dünýäsiniň ruhany lideri Täze Zelandiýada guralan hüjüme gynanç bildirdi

Katolik dünýäsiniň ruhany lideri Papa Fransisk Täze Zelandiýanyň Kraýstçerç şäherindäki iki metjide guralan 49 adamyň ýogalmagyna, 40 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjüme gynanç bildirdi.

Papanyň ýüzlenmesinde Täze Zelandiýanyň Kraýstçerç şäherindäki iki metjide guralan “manysyz aksiýalar” sebäpli ýitgi çekilmegine uly gynanç bildirilýändigi, Täze Zelandiýanyň halky we esasan musulman jemgyýeti bilen arkakaşykly hereket edilýändigi nygtaldy.

Papa Fransiskiň ozal ABŞ, Somali, Müsür we Belgiýa ýaly ýurtlarda guralan we asuda ilatyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümler üçin “terrorçylykly hüjüm” diýmegi, emma Täze Zelandiýadaky metjitlere guralan hüjüm barada bolsa “manysyz aksiýalar” diýmegi ünsleri özüne çekdi.

 

 

 



Degişli Habarlar