Indoneziýada sil apaty başdan geçirildi

Indoneziýanyň Papua ştatynda bolan sil apatynda 70 adam ýogaldy

Indoneziýada sil apaty başdan geçirildi

Milli Apat dolanşyk agentliginiň metbugat sekretary Sutopo Purwo Nugroho, Papua ştatynyň paýtagty Jaýapura şäherinde düýnden bäri täsirli bolan aşa ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatynda, 70 adamyň ýogalandygyny habar berdi.

Silde 59 adamyň ýaralanandygyny aýdan Nugroho, ýaralanan adamlaryň ählisiniň hassahanalara gönükdirilendigini aýan etdi.

Gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýän sebitde, entek baryp bolmaýan ýerleriň bardygy sebäpli ýogalan adamlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär.

Beýleki tarapdan sil apatynda ejir çeken adamlara ynsanperwer kömekleriň berilmäge başlanandygy mälim edildi.

Ýurdyň Günorta Sulawesi ştatynda ýanwar aýynda bolan sil apatynda we ýer süýşgünlerinde 68 adam ýogalypdy.


Etiketkalar: sil apaty , Indoneziýa

Degişli Habarlar