Täze Zelandiýada metjide hüjüm eden terrorçylardan Tarrant 2016-njy ýylda iki gezek Türkiýä gelipdir

Tarrant 2018-nji ýylda hem Pakistana barypdyr

Täze Zelandiýada metjide hüjüm eden terrorçylardan Tarrant 2016-njy ýylda iki gezek Türkiýä gelipdir

Täze Zelandiýanyň Kraýstçerç şäherindäki iki metjide hüjüm eden terrorçylardan Brenton Harrison Tarrant 2016-njy ýylda iki gezek Türkiýä gelipdir.

TRT Worlduň habaryna görä, Kraýstçerç şäherindäki Nur we Linwood metjitlerinde Juma namazy okalýarka 49 adamyn öldüren terrorçylardan Awstraliýanyň raýaty Tarrantyň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň agdarlylyk synanşygyndan öň mart aýyny 14-20-y aralygynda we agdarlyşyk synanşygyndan soň 13-nji sentýabrda ýaňadandan Türkiýä gelendigi anyklanyldy.

Türkiýeli ýolbaşçylar ikinji gelişinde 43 gün Türkiýede galan Tarrantyň terrorçylykly hüjüm guramak ýada kimdir biriniň janyna kast etmek üçin Türkiýä gelendigini öňe sürýär.

Awstraliýadan ýaýlym berýän ABJ Nýus kanalynyň habaryna görä, Ýewropa, Günorta Gündogar Aziýa we Gündogar Aziýa ýurtlaryna barandygy anyklanylan terrorçy Tarrant 2018-nji ýylda hem Pakistana barypdyr.

Habarda Tarrantyň Demirgazyk Koreýa hem barandygyny görkezýän fotosuratlara ýer berildi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar