Pakistan Hindistana degişli uçarmansyz howa ulagyny urup düşürdi

Kaşmirde urlup düşürlen uçarmansyz howa ulagynyň içalylyk maksady bilen ulanylandygyny ýatladyldy

Pakistan Hindistana degişli uçarmansyz howa ulagyny urup düşürdi

Pakistanyň ýaragly güýçleri Hindistana degişli uçarmansyz howa ulagyny urup düşürendigini mälim etdi.

Pakistanyň ýaragly güýçleriniň metbugat geňeşçisi Asyf Gafur, mesele hakynda beren beýanatynda uçarmansyz howa ulagynyň Pakistanyň howa giňişligine girendigini aýtdy.

Gafur, Kaşmirde urlup düşürlen uçarmansyz howa ulagynyň içalylyk maksady bilen ulanylandygyny ýatlatdy.

 

 

 

 



Degişli Habarlar