BMG Täze Zelandiýada iki metjide guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşi Täze Zelandiýanyň Kraýstçerç şäherinde iki metjide guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

BMG Täze Zelandiýada iki metjide guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

 

BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşi tarapyndan berlen beýanatda terrorçylykly hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna, Täze Zelandiýanyň hökümetine we halkyna uly gynanç bildirildi, terroryň halkara howpsyzlyga we parahatçylyga abanýan esasy howplardan biridigi nygtaldy.

Beýanatda hüjümiň jogapkärleriniň, guramaçylarynyň we hüjüme maddy taýdan goldaw berenleriň tussag edilmeginiň ähmiýeti nygtaldy we terrora garşy göreşde Täze Zelandiýa bilen hyzmatdaşlygyň dowam etjekdigi ýatladyldy.

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş hem Täze Zelandiýadaky terrorçylykly hüjümi ýazgardy we musulmanlara jebislik çagyryşyny berdi.

BMG tarapyndan berlen beýanata görä, Guterreş hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna, Täze Zelandiýanyň hökümetine we halkyna gynanç bildirdi.

 

 

 



Degişli Habarlar