YHG Täze Zelandiýada iki metjide guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

“Täze Zelandiýada namaz okaýan bigünä musulmanlara guralan wagşyçylykly hüjümi berk ýazgarýarys”

YHG Täze Zelandiýada iki metjide guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy we Yslam dünýäsi bileleşigi Täze Zelandiýada iki metjide guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy.

YHG-nyň Baş sekretary Ýusuf bin Ahmed Al Oseýmin beren ýazmaça beýanatynda “Täze Zelandiýada namaz okaýan bigünä musulmanlara guralan wagşyçylykly hüjümi berk ýazgarýarys” diýdi.

Oseýmin Täze Zelandiýaly ýolbaşçylara hüjümiň giňişleýin derňelmegi we ýurtda ýaşaýan musulmanlaryň goralmagy barada çagyryş berdi.

Yslam ýurtlarynyň arasyndaky dini utgaşyklygy we ýardamlaşmany üpjün etmek maksady bilen döredilen Yslam dünýäsi bileleşi hem iki metjide guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy we wakany wagşyçylyk hökmünde häsiýetlendirdi.

Bileleşik tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda ady agzalýan hüjüme uly gynanç bildirilýändigi nygtaldy.



Degişli Habarlar