Tramp Täze Zelandiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Täze Zelandiýada Juma namazy okalýarka iki metjide guralan ýaragly hüjümde 49 adam ýogalypdy, 20-si agyr 48 adam ýaralanypdy

Tramp Täze Zelandiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

 

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Täze Zelandiýada 49 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjümi ýazgardy.

Metjitlere guralan hüjümden soň Täze Zelandiýanyň halkyna çuňňur gynanç bildiren Tramp “Bigünä 49 adam öldürildi we birnäçe adam ýaralandy. ABŞ Täze Zelandiýa goldaw berýär. Alla bizi gorasyn” diýdi.

Ak Tamdan berlen beýanatda bolsa, ABŞ-nyň Täze Zelandiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgarýandygy nygtaldy.

Täze Zelandiýada Juma namazy okalýarka iki metjide guralan ýaragly hüjümde 49 adam ýogalypdy, 20-si agyr 48 adam ýaralanypdy.

Hüjüm bilen arabaglanşykly biri zenan 4 adam saklandy.

 

 


Etiketkalar: metjit , Donald Tramp , ABŞ , ýazgarmak

Degişli Habarlar