Putine ýasama mazar daşyny ýasan aktiwist Ýamadaýew azatlykdan mahrum edildi

Russiýadaky kazyýet ýurdyň Döwlet baştutany Wladimir Putine ýasama mazar daşyny ýasan rus aktiwist Karim Ýamadaýewi 28 gün azatlykdan mahrum etdi

Putine ýasama mazar daşyny ýasan aktiwist Ýamadaýew azatlykdan mahrum edildi

Russiýada internet bilen bagly täze kanunlary protest eden rus aktiwist Karim Ýamadaýew, Naberežnyý Çelny şäherinde ýurdyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň ýasama mazar daşyny ýasady.

Aktiwist ýüzünde “Wladimir Putin 1952 – 2019” ýazgyly mazar daşyny şäherdäki parklaryň birine oturtdy.

Maksadynyň hökümetiň täze internet kanunyny protest etmekdigini aýdan aktiwist: “Putin azatlyklarymyzy gömdi” diýip belledi.

Rus ýolbaşçylara hormatsyzlyk we ýalan habarlary ýaýratmak günäkärlemeler bilen kazyýetiň öňüne çylan Karim Ýamadaýew 28 gün azatlykdan mahrum edildi.



Degişli Habarlar