Pakistan bilen Hindistan wizasyz gümrük gapysynyň açylmagy bilen bagly gepleşikler geçirýär

Pakistanyň we Hindistanyň resmileri, iki ýurdyň arasynda geçen hepdelerde başdan geçirilen dartgynlykdan soň, wizasyz gümrük gapysynyň açylmagy bilen bagly gepleşikler geçirýärler

1163508
Pakistan bilen Hindistan wizasyz gümrük gapysynyň açylmagy bilen bagly gepleşikler geçirýär

Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Raweeş Kumar, Hindistan tarapyna geçen Pakistanyň wekiliýeti bilen, Sih halkynyň Pakistandaky ybadathanalaryna baryp ybadat etmeginiň ýeňilleşdirilmegi üçin wizasyz gümrük geçelgesiniň açylmagynyň ara alynyp maslahatlaşylandygyny habar berdi.

Gepleşiklerde Pakistanyň wekiliýetine Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Muhammed Faýsalyň ýolbaşçylyk edendigi mälim edildi.

Muhammed Faýsal, ýurtdan çykmadan ozal beren beýanatynda, Pakistanyň Premýer ministri Imran Hanyň edýän tagallalarynyň, Sih halkyna ýeňillikler döredilmek bilen birlikde, çaknyşykdan hyzmatdaşlyga, duşmançylykdan parahatçylyga, agzalalykdan dostluga ediljek bir ädim bolmagyny umyt edýändiklerini habar berdi.

Taraplaryň arasyndaky duşuşyk serhede 3 km uzaklykda ýerleşýän hindi obasy Attaride geçirilýär.

Pakistan bilen Hindistan, Kartarpur gümrük geçelgesiniň wizasyz geçilmegi babatynda ylalaşyga gelipdiler.



Degişli Habarlar