Merkel: “Ýewropanyň goranyş syýasaty NATO-nyň ýerine geçmez”

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel Ýewropanyň goranyş syýasatynyň NATO-nyň ýerine geçmejekdigini aýtdy

1161489
Merkel: “Ýewropanyň goranyş syýasaty NATO-nyň ýerine geçmez”

Merkel Latwiýanyň Premýer ministri Krisžanis Karins bilen geçiren duşuşygyndan soň guralan metbugat ýygnagynda latwiýaly kärdeşi bilen esasan ÝB-däki bar bolan meseleler barada pikir alyşandyklaryny beýan etdi.

NATO-nyň umumy strategik ukyplarynyň esasanda ABŞ bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirjekdigine ynanýandygyny aýdan Merkel: “Ýewropanyň goranyş syýasatynyň haýsydyr bir şertde NATO-nyň ýerine geçmejekdigini nygtadym” diýdi.

Ýewropanyň bilelikdäki uçar gämisini öndürmegine oňyn garaýandygyny beýan eden Merkel Ýewropanyň şeýle üpjünçilige eýe bolmagynyň ýerliklidigini, Germaniýanyň oňa goşulyp biljekdiginini aýtdy.

Merkel Britaniýanyň ÝB-den çykmagy barada bolsa, olar bilen hyzmatdaşlygyň tarapynda durýandyklaryny nygtap, şol ugurda elinden geleni etjekdigini beýan etdi.

Latwiýanyň Premýer ministri Karins bolsa Brexitden soň ÝB-ne agza ýurtlaryň bilelikde hereket etmeginiň möhümdigini nygtap, ÝB-ne agza ýurtlaryny tapawutlandyrýan serhetleriň aýrylmalydygyny aýtdy.

ÝB-niň “Russiýa ýaly ýurtlara garşy bir agyzdan çykyş etmegini” islän Karins; “Täsirimiziň bolmagy üçin bilelikde hereket edilmeli. Bilelikde işleşen halatymyzda hem howpsyzlyk hem-de ykdysady taýdan güýçli bolarys” diýdi.



Degişli Habarlar