Owganystan parahatçylyk gözleginde

Owganystanyň Ýokary Parahatçylyk şurasynyň başlygy Kerim Halili, Owganystanda akýan ganyň duruzylmagy üçin parahatçylygyň hökmanydygyny habar berdi

Owganystan parahatçylyk gözleginde

Kerim Halili, ýurdyň paýtagty Kabulda geçen çäreleriň birinde eden çykyşynda, Taliban bilen parahatçylyk gepleşikleriniň başlanmagy üçin aýry-aýry toparlar bolup dälde, hemmesiniň bilelikde hereket etmelidigini belledi.

Owganystanda terrorçylykly wakalaryň gutarmaýandygyny we taraplaryň ikisiniňem ýitgi çekýändigini aýdan Halili: “Owganystanda her gün 100-den gowrak adam ýogalýar” diýdi.

Halili, terrorçylykly wakalaryň bes edilmegi we parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin herkimiň elinden gelenini gaýgyrmaly däldigini belledi.

Owganystandaky meseläniň düýbünden çözülmeginiň hökmandygyny aýdan Halili: “Talibanyň gelip boýun bolmagyna garaşmagymyz gerek, taraplaryň makullamagy bilen umumy bir ýol taparys we parahatçylygy üpjün ederis” diýdi.

Beýleki tarapdan, ABŞ-niň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad bilen Talibanyň resmileriniň arasynda eýýäm 13 gün bäri Katarda parahatçylyk gepleşikleri dowam edýär.



Degişli Habarlar