“ABŞ-nyň Ilçihanasy Kerkugyň dolanşygyna aç-açan goşulyşýar”

Bu beýannama Yragyň Mejlisinde wekilçilik edilýän esasy partiýalardan Fetih arkalaşygynyň lideri tarapyndan berildi

1159705
“ABŞ-nyň Ilçihanasy Kerkugyň dolanşygyna aç-açan goşulyşýar”

Yrakdaky Haşdi Şabi güýçleriniň serkdelerinden we Fetih arkalaşygynyň lideri Hadi Amiri ABŞ-nyň Yrakdaky Ilçihanasynyň Kerkugyň dolanşyk meselelerine aç-açan goşulyşýandygyny öňe sürdi.

Amiri paýtagt Bagdatda ganaşan ýygnakda sözlän sözünde Yragyň merkezi hökümeti bilen Yragyň kürt awtanomiýasynyň arasynda düşnüşmezlige sebäp bolýan Kerkuk meselesine ABŞ-nyň İlçihanasynyň goluşylýandygyny öňe sürdi.

Eýrana ýakynlygy bilen tanalýan Amiri: “İlçihana Kerkuk meselesini çözmek üçin ol ýa-da beýleki tarapa çagyryş edýär. Kerkuk meselesi İlçihanadaky maslahatlarda çözülmez. Mesele diňe şäheriň halky tarapyndan gepleşikler arkaly çözüler” diýdi.

Amiri: “Haýsydyr bir ilçihananyň meselä goşulyşmagyny islemeýäris” diýdi.

Yrakly syýasatçy Amiriniň aýdanlaryna ABŞ-nyň Yrakdaky İlçihanasyndan haýsydyr bir beýannama berilmedi.

Ameriniň liderlik edýän Fetih arkalaşygy 2018-nji ýylyň maýyndaky parlament saýlawynda Yragyň Mejlisinde 47 halk deputaty bilen 2-nji orny eýeläpdi.



Degişli Habarlar