Ýermakow: “Waşingtonyň synanşyklary ABŞ-nyň ýarag bazarynda güýçden gaçýandygyny görkezýär”

Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Ýaraglara gözegçilik departamentiniň başlygy Wladimir Ýermakow beýannama berdi

1158646
Ýermakow: “Waşingtonyň synanşyklary ABŞ-nyň ýarag bazarynda güýçden gaçýandygyny görkezýär”

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Ýaraglara gözegçilik departamentiniň başlygy Wladimir Ýermakow resmi Waşingtonyň S-400 raketa goranyş ulgamynyň gowşurylmagynyň öňüni alma synanşyklarynyň ABŞ-nyň ýarag bazarynda güýçden gaçýandygyny görkezýändigini aýtdy.

Ýermakow “RİA Nowosti” habarlar gullugyna beren beýanatynda, Türkiýe bilen gol çekişilen S-400 raketa goranyş ulgamlarynyň satuwy baradaky ylalaşygyň bellenen tertipde dowam edýändigini nygtady.

Ylalaşygyň 2019-njy ýylyň ahyrynda tamamlanmagyna garaşýandygyny beýan eden Ýermakow; “Resmi Waşingtonyň ylalaşygy bozmak üçin Ankara basyş etmäge synanşýandygyny görýäris” diýdi.

ABŞ-nyň synanşyklaryny global ýarag söwdasyndaky bäsdeşine syýasy taýdan zeper ýetirme göçümi hökmünde häsýetlendirýändiklerine ünsi çeken Ýermakow: “Ol, şol bir wagtda amatly harytlary hödürlemegiň hötdesinden gelip bilmeýän ABŞ-nyň global ýarag bazaryndaky pozisiýasynyň gowşandygyny görkezýär” diýdi.



Degişli Habarlar