Pakistan hindistanly uçarmany ýurduna gaýtaryp berdi

Pakistan tarapyndan od açylyp ýere gaçyrylan uçaryň uçarmany Abhinandan Warthaman Hindistana gaýtarylyp berildi

1155430
Pakistan hindistanly uçarmany ýurduna gaýtaryp berdi

Iki ýurdyň arasyndaky Wagah gümrük geçelgesine alynyp gidilen uçarmanyň ýanynda, Hindistanyň Yslamabatdaky Harby-howa attaşeliginiň resmileri hem bardy.

Wagah gümrük geçelgesinde saglyk gözegçiliginden geçirilen hindistanly uçarmanyň resminamalaryndaky kemçilikler sebäpli yzyna gaýtaryp bermek etaby uzady.

Pakistandan çykmadan ozal goşun tarapyndan paýlaşylan wideoda çykyş eden Abhinandan Warthaman, Pakistanda nyşana kesgitlemäge synanyşan mahaly uçaryna od açylandygyny we özüni uçardan bökdürendigini belläp: “Paraşýut bilen gonan ýerimde köp adam bardy we meni halas etjek ýeke-täk adam mendim. Ýaragymy gaçyrdym we gaçmaga başladym. Iki pakistanly esger meni adamlardan halas etdi” diýdi.

Esgerler tarapyndan alynyp gidilen ýerinde özüne ilkinji saglyk kömeginiň berilendigini aýdan uçarman, ondan soň bolsa hassahana alynyp gidilendigini habar berdi.

Pakistanyň goşunynyň özüne gowy garandygyny aýdan Abhinandan Warthaman: “Hindistanyň mediasy hakykatlary ýoýar. Iň kiçi zady hem uly bir zat ýaly edip görkezip, adamlary ýalňyş ugrukdyrýar” diýdi.

Uçarmanyň azat edilmegi bilen bagly beýanat beren Pakistanyň Daşary işler ministrligi: “Uçarman göz tussaglygynda bolan mahaly, özüne halkara hukuga laýyklykda garaldy” diýdi.

Hindi uçaryň uçarmany Abhinandan Warthaman, 27-nji fewralda Pakistanyň howa giňişligine beýleki hindi harby uçarlar bilen bilelikde giren mahaly Pakistanyň harby uçarlary tarapyndan od açylyp ýere gaçyrylypdy, Warthamanyň uçary Pakistanyň serhetleriniň çägine gaçypdy.

Abhinandan Warthaman paraşýut bilen gonan ýerinde pakistanly esgerler tarapyndan göz tussaglygyna alynypdy.

Pakistanyň Premýer ministri Imran Han, hindi uçarmanyň parahatçylykly niýetleriň görkezijisi hökmünde azat ediljekdigini habar berdi.



Degişli Habarlar