ABŞ-nyň Owganystan baradaky maksatnamasyň käbir detallary çap edildi

ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň Owgaanystandaky häkimiýeti Taliban bilen merkezi hökümetiň arasynda bölmegi meýilleşdirýän maksatnamasynyň käbir detallary metbugatda çap edildi

1154768
ABŞ-nyň Owganystan baradaky maksatnamasyň käbir detallary çap edildi

Pentagonyň Ýewropa ýurtlaryna hödürlän Owganystan baradaky ýaraşyk maksatnamasynda Amerikan esgerleriniň 5 ýylyň dowamynda ýurtdan dolulygyna çekilmeginiň göz öňünde tutulýandygy öňe sürüldi.

“Nýu-Ýork Taýms” gazetiniň amerikaly we ýewropaly resmilere salgylanyp berýän habarynda maksatnama laýyklykda ABŞ-nyň birnäçe aýyň dowamynda Owganystandaky 14 müňe golaý esgeriniň sanyny ýarysyna çenli azaltjakdygy mälim edilýär.

Owganystandakyhyzmatdaş güýçlerine degişli 8,600  esgeriň NATO-nyň öňbaşçylyk etmeginde owgan goşunyna tälim bermäge dowam etmegini nazarda tutýan maksatnamada ýurtda galan Amerikan esgerleriniň bolsa diňe terrorçylyga garşy göreş operasiýalaryna gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Maksatnamanyň Waşingtonda we Ýewropada giňden goldaw tapandygy öňe sürülýän hem bolsa, Pentagonyň Metbugat Sekretary Kone Gulkner: “Bu mesele boýunça kabul edilen karar ýok” diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp dekabr aýynda Owganystany, Yragy we Siriýany göz öňünde tutup, ýurdunyň “soňsyz söweşlerden” çekiljekdigini beýan edipdi.

 


Etiketkalar: #ABŞ , #Pentagon , #Owganystan , #Taliban

Degişli Habarlar